"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem iftitah (başlangyç) tekbiri bilen kyratyň aralygynda biraz wagtlap dymyp durardy. Men bir gezek ondan: “Ejem-kakam saňa gurban bolsun, ýa Resulallah! Tekbir bilen kyratyň (Elhemiň) aralygynda dymyp duran wagtyň näme diýýärsiň?” diýip soradym. Ol şeýle diýýärin diýdi: “Allahummä! Ba’yd bäýni wä bäýnä hotoýäýä, kämä bä’adtä bäýnäl-mäşryky wäl-mägribi. Allahummä! Näkkini minäl-hotoýä kämä ýunäkkäs-säwbul äbýädu minäd-dänäsi. Allahummä-gsil hotoýäýä bil-mäi wäs-sälji wäl-bärodi”.
(Allahym, gündogar bilen günbataryň arasyny açyşyň ýaly, meni günälerimden daş et! Allahym, ak mata kir-kimirden nähili arassalanýan bolsa, meni şonuň ýaly edip günälerimden arassala! Allahym, Meniň günälerimi suw, gar bilen we doly bilen ýuwup (arassala).
"