Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Allahyň Resuly sallallahu aleýhi wesellem hemişe namaza başlan wagty, ellerini eginleriniň deňine çenli galdyryp, tekbir alardy. Şeýle hem rukuga gitmek üçin tekbir alanda we rukugdan başyny galdyranda, ýene ellerini egniniň deňine çenli galdyryp: “Sämi’allahu limän hämidäh. Robbänä, wä läkäl-hämd” diýerdi. Sejde edende beýle etmezdi”.