Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Resulullah sallallahu aleýhi wesellem atdan ýykylyp, (sag tarapyny) sypjyrtdy. Ol oturyp namaz okady, biz hem Onuň bilen oturyp namaz okadyk. Namaz okap bolandan soň şeýle diýdi: “Elbetde, ymam diňe oňa uýmak üçin bellenýändir. Eger “Allahu Akbär” diýse, siz hem “Allahu Akbär” diýiň. Eger rukuga gitse, siz hem rukug gidiň, başyny galdyrsa, siz hem galdyryň. Ymam: “Sämi’allahu limän hämidäh” diýen wagty, siz: “Robbänä läkäl-hämd” diýiň. Sejde etse, siz hem sejde ediň”.