Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Adatça, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gijelerine öz hüjresinde namaz okardy. Hüjräniň diwarlarynyň pessejikdigi sebäpli, bir gezek adamlar Onuň göwresiniň garasyny gördüler we olaryň bir topary Oňa uýup, namaza durdylar. Olar irden daň atandan soň bu hakda beýlekilere-de habar berdiler. Ertesi gije ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okady. Ýene birnäçe adamlar Oňa uýup, namaza durdular. Olar şeýdip iki ýa-da üç gije bu işi gaýtaladylar. Şondan soňky gijede Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öýünde oturdy we şol ýere çykmady. Irden käbir adamlar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden munuň sebäbini soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem : “Gije namazy size parz bolarmyka öýdüp gorkdum” diýdi.
• Bu ýerdäki hüjreden maksat Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidiň bir çüňkünde namaz okamak üçin hurma agaçlarynyň şahalaryndan daşy aýlanan ýörite bir ýeri bar eken.
• ýagny garaňkylykda hereket edip duranyny gördiler.