Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gije) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen namaz okadym. Men Onuň çep tarapynda durdum. Ol meniň ýeňsämden tutup, meni sag tarapyna geçirdi. Ol namaz okap bolandan soň, (ýerine geçip) ýatdy. Haçanda, Onuň ýanyna azançy gelende, turyp, täret alman namaz okady”.