Ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Eger-de, adamlar öýle namazynyň (wagty giren badyna) okamaklygyň sogabyny bilseler-di, onda olar öň barjak bolup, biri-birleri bilen ýaryşardylar. Eger-de, adamlar ýassy we ertir namazyny (mesjitde jemagat bolup okamaklygyň) sogabyny bilseler-di, olar emedekläp, süýrenip gitmelem bolsalar giderdiler. Eger-de, olar birinji hatarda durmakda nähili sogaplaryň bardygyny bilseler-di, olar bulary etmek üçin bije çekmelem bolsalar çekerdiler”.