"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem agyrlaşan wagty Bilal onuň ýanyna gelip namazyň wagtynyň bolandygyny habar berdi. Ol: “Ebu Bekre buyryň, adamlara namaz okap bersin” diýdi. Men şonda: “Ýa Resulallah! Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, Ol Seniň ornuňda (ymam bolup) duran wagty, adamlara (sesini) eşitdirip bilmez. Bu işi Omara buýursaňyz!” diýdim. Ol: “Ebu Bekre buyryň, adamlara namaz okap bersin” diýdi. Men Hafsa haýyş edip: “Sen Oňa: “Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, Ol Seniň ornuňda (ymam bolup) duran wagty, adamlara (sesini) eşitdirip bilmez. Bu işi Omara buýuraýsaňyz!” diýip aýdyp ber” diýdim.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hakykatdanam, siz Ýusup pygamberiň döwründäki aýallar ýalysyňyz. Ebu Bekre buýryň, adamlara namazy şol okap bersin!” diýdi.
Ebu Bekr namaza girip başlandan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem özüni birneme ýeňil duýup, ýerinden turdy we iki adama daýanyp, aýaklary zordan ýerden süýrene-süýrene mesjide girdi.
Ebu Bekr Onuň ýuwaşlyk bilen gelýän sesini eşidende, yza çekiljek boldy, ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa (ýeriňde dur diýip) yşarat etdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gelip, Ebu Bekriň çep tarapynda oturdy. Ebu Bekr dik durup namaz okady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bolsa namazyny oturyp okady. Ebu Bekr Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namazyna uýyp, adamlar bolsa Ebu Bekriň (Allah ondan razy bolsun) namazyna uýup, namaz okaýardylar”.
"