"El-Eswed (ibn Zeýdden) habar berilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýipdir: “Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem aradan çykmagyna sebäp bolan keseli bilen kesellän döwründe, Bilal onuň ýanyna gelip namazyň wagtynyň bolandygyny habar berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ebu Bekre buýryň, namaz okap bersin ” diýdi. Men: “Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, Seniň ýeriňde dursa, aglap Kuran okap bilmez” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene: “Ebu Bekre buýryň, namaz okap bersin” diýdi. Men ýene şol sözümi gaýtaladym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üçünji ýa-da dördünji gezeginde (gahar bilen): “Hakykatdanam, siz Ýusup pygamberiň döwründäki aýallar ýalysyňyz. Ebu Bekre buýryň, adamlara namazy şol okap bersin!” diýdi. Soňra Ebu Bekr namaz okamaga başlady.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki adama daýanyp, öýünden çykdy. Aýaklaryny zordan ýerden süýreýşi häzirem gözümiň öňünden gidenok. Ebu Bekr ony gören badyna yza çekilmäge başlady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Namazyňy dowam et” diýip, oňa yşarat etdi. Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) yza süýşdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň gapdalyna oturdy. Ebu Bekr tekbirleri (gaýtalap) adamlara eşitdirýärdi”.
"