Ibn Şihäbden rowaýat edilmegine görä, Humeýd ibn Abdurrahman şeýle diýipdir: “(Bir gün) men Mu’awiýe ibn Ebu Sufýanyň wagyz eden wagty, onuň şeýle diýenini eşidipdim: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden eşitdim: “Allah bir adama haýyr islese, ony dinde fakyh (şerigat ylmyndan ylymly-bilimli) eder. Men diňe paýlaýjydyryn. Berýän bolsa, diňe Allahdyr. (Bilip goýuň) tä Allahyň (Kyýamat) emri gelýänçä, bu ymmat Allahyň (ähli) emrleriniň üstünde hemişe berk durup bilseler, olara garşy çykanlar, hiç haçan olara zyýan ýetirip bilmezler” diýdi.