701

60-nji bap

701

60-nji bap

701

60-nji bap

Jäbir ibn Abdulladan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Mu’az ibn Jebel (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen namaz okardy. Soňra gaýdyp, öz kowumyna ymam bolup (namazlaryny okap bererdi). Bir gezek ýassy namazyny okanda “Bakara” süresini okap başlady. Kimdir biri namazdan çykyp gitdi. Mu’az ol adam hakynda erbet zat aýdan ýaly boldy. Bu mesele Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme ýetende, üç gezek: “Sen Fettansyň , fettansyň, fettansyň ” ýa-da “Fatyn, fatyn, fatyn bolduň!” diýdi we oňa mufassalyň ortasyndan iki süre okamagy buýurdy”.

حَدَّثَنِي مُحَمَّدُ بْنُ بَشَّارٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا غُنْدَرٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، عَنْ عَمْرٍو، قَالَ: سَمِعْتُ جَابِرَ بْنَ عَبْدِ اللَّهِ، قَالَ: كَانَ مُعَاذُ بْنُ جَبَلٍ يُصَلِّي مَعَ النَّبِيِّ ﷺ، ثُمَّ يَرْجِعُ، فَيَؤُمُّ قَوْمَهُ، فَصَلَّى العِشَاءَ، فَقَرَأَ بِالْبَقَرَةِ، فَانْصَرَفَ الرَّجُلُ، فَكَأَنَّ مُعَاذًا تَنَاوَلَ مِنْهُ، فَبَلَغَ النَّبِيَّ ﷺ فَقَالَ: «فَتَّانٌ، فَتَّانٌ، فَتَّانٌ» ثَلاَثَ مِرَارٍ - أَوْ قَالَ: «فَاتِنًا، فَاتِنًا، فَاتِنًا» - وَأَمَرَهُ بِسُورَتَيْنِ مِنْ أَوْسَطِ المُفَصَّلِ، قَالَ عَمْرٌو: لاَ أَحْفَظُهُمَا.

Salgylanma:

“• Kuranda iň uzyn süre. • Pitneçi • Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Mu’aza bu sözleri diýmekliginiň sebäbi, namazy uzagrak okamak bilen, adamlary jemagatly namazlara gelmekden sowaşdyrmagy mümkin bolanlygy üçindir. • Mufassal – “Kaf” (50-nji süreden) soňuna çenli. ”