Ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gije) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly, daýzam Meýmuna bintul-Harisiň öýünde ýatdym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem şol gije onuň ýanyndady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem täret aldy. Soňra namaz okamaga durdy. Men hem turup, Onuň çep tarapynda namaza durdum. Ol meni tutup, sag tarapyna geçirdi we on üç rekagat namaz okady. Soňra Ol ýerine geçip, dem alyşy eşidilýänçä uklady. Adatça, Ol uklan wagty, sesli dem alyp ýatardy. Soňra azançy geldi. Soňra Ol çykyp gitdi we täret alman namaz okady”.