689

51-nji bap

689

51-nji bap

689

51-nji bap

"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Resulullah sallallahu aleýhi wesellem atly barýarka atdan ýykylyp, sag tarapyny sypjyrdypdyr. Ol namazlardan (haýsam bolsa) birini oturyp okady. Biz hem onuň yzynda (oňa uýup) oturup okadyk. Namazyny okap bolandan soň: “Elbetde, ymam diňe oňa uýmak üçin bellenýändir. Eger (ymam) dik durup namaz okasa, siz hem dik durup namaz okaň. Eger (ymam) rukuga egilse, siz hem egliň; başyny galdyranda, siz hem galdyryň. “Sämi’allahu limän hämidäh” diýen wagty siz: “Robbänä wä läkäl-hämd” diýiň. Eger-de (ymam) dik durup namaz okasa, onda siz hem dik durup namaz okaň. Eger oturan ýerinden namaz okasa, siz hem hemmäňiz, oturyp namaz okaň” diýdi. Ebu Abdulla (Buharynyň) aýtmagyna görä, El-Humeýdi şeýle diýipdir: “(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň) eger-de ymam oturyp namaz okasa, siz hem oturyp namaz okaň!” diýen sözi, has ir syrkaw wagtlarynda aýdan sözüdir. Şondan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (bir gezek) oturyp namaz okady, yzyndaky adamlar bolsa, dik durup namaz okadylar. Emma şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara oturmagy buýurmady. Şonuň üçin hem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň eden işleriniň içinden iň soňkusyny almalydyr”. "

"حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ، أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ رَكِبَ فَرَسًا، فَصُرِعَ عَنْهُ فَجُحِشَ شِقُّهُ الأَيْمَنُ، فَصَلَّى صَلاَةً مِنَ الصَّلَوَاتِ وَهُوَ قَاعِدٌ، فَصَلَّيْنَا وَرَاءَهُ قُعُودًا، فَلَمَّا انْصَرَفَ قَالَ: إِنَّمَا جُعِلَ الإِمَامُ لِيُؤْتَمَّ بِهِ، فَإِذَا صَلَّى قَائِمًا، فَصَلُّوا قِيَامًا، فَإِذَا رَكَعَ، فَارْكَعُوا وَإِذَا رَفَعَ، فَارْفَعُوا، وَإِذَا قَالَ: سَمِعَ اللَّهُ لِمَنْ حَمِدَهُ، فَقُولُوا: رَبَّنَا وَلَكَ الحَمْدُ، وَإِذَا صَلَّى قَائِمًا، فَصَلُّوا قِيَامًا، وَإِذَا صَلَّى جَالِسًا، فَصَلُّوا جُلُوسًا أَجْمَعُونَ . قَالَ أَبُو عَبْدِ اللَّهِ: قَالَ الحُمَيْدِيُّ: قَوْلُهُ: «إِذَا صَلَّى جَالِسًا فَصَلُّوا جُلُوسًا» هُوَ فِي مَرَضِهِ القَدِيمِ، ثُمَّ صَلَّى بَعْدَ ذَلِكَ النَّبِيُّ ﷺ جَالِسًا، وَالنَّاسُ خَلْفَهُ قِيَامًا، لَمْ يَأْمُرْهُمْ بِالقُعُودِ، وَإِنَّمَا يُؤْخَذُ بِالْآخِرِ فَالْآخِرِ، مِنْ فِعْلِ النَّبِيِّ ﷺ "