Ebu Kylabäniň aýtmagyna görä, Mälik ibn Huwaýris (Allah ondan razy bolsun), şeýle gürrüň beripdir: “(Bir wagtlar) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelipdik. Biziň hemmämiz hem deň ýaşdaky ýaş ýigitlerdik. Onuň ýanynda takmynan ýigrimi günläp galdyk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem örän merhemetlidi. Ol bize: “Egerde siz ýurduňyza dolanyp barsaňyz, olara-da dini öwretseňiz, olara pylan namazy pylan wagtda, pylan hili; pylan namazy bolsa, pylan wagtda, pylan hili okamagy emr ediň. Namazyň wagty bolanda, araňyzdan biri siziň üçin azan aýtsyn we iň ulyňyz size ymam bolsun” diýdi.