"Sähl ibn S’ad Es-Sa’ydydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gün Benu ‘Amr ibn ‘Awf tiresiniň adamlaryny ýaraşdyrmak üçin olaryň ýaşaýan mekanyna gitdi. Namaz wagty boldy. Azançy Ebu Bekriň ýanyna gelip: “Adamlara namaz okatjakmy? Kamat getireýinmi?” diýdi. “Hawa” diýip, Ebu Bekr namaza başlady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamlar namaz okap durkalar, dolanyp geldi. Ol saplary böle-böle birinji sapa bardy. Ony gören jemagat el çarpdy. Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) namaz okan wagty ýüzüni hiç bir tarapa öwürmezdi. Adamlaryň el çarpmasy köpelenden soň, ol öwrülip yzyna bakdy we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi gördi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Ýeriňde dur” diýip yşarat etdi. Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň özüne beren bu buýrugy üçin, ellerini galdyryp, Allaha hamdu-sena etdi.
Soňra Ebu Bekr birinji hatar bilen deňleşýänçä, yzlygyna ýöredi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem öňe geçip, namaz okap berdi.
Namaz okap bolandan soň, Ebu Bekre ýüzlenip: “Eý, Ebu Bekr, saňa ýeriňde dur diýip emr eden wagtym, seni ýeriňde durmazlykdan gaýtaran zat näme diýdi?” diýdi. Ebu Bekr Oňa: “Ebu Kuhafäniň ogluna Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde durup namaz okamak laýyk bolmaz” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem adamlara ýüzlenip: “Ýeri, size näme boldy? Näme üçin beýle köp el çarpmaga başladyňyz? Her kim namazda wagty bir zat bolanyny göre, “Subhanallah” diýsin. Çünki tesbih aýdan wagty, oňa üns berler. El çarpmak bolsa diňe aýallara mahsusdyr” diýdi.
"