"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hassa bolan wagty, Ebu Bekre adamlara (ymam bolup) namaz okap bermegi emr etdi. Ebu Bekr adamlara ymam bolup namaz okap bererdi”.
‘Urwa şeýle diýdi: “Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem birneme özüni ýeňil duýup, öýünden çykdy. Şol wagt hem Ebu Bekr adamlara ymam bolup namaz okap berip durdy. Ebu Bekr Onuň gelýänini görüp yza çekildi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa duran ýeriňde dur diýip yşarat etdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ebu Bekriň deňinde, edil gapdalyna gelip oturdy. Ebu Bekr Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namazyna uýup, adamlar bolsa Ebu Bekriň namazyna uýup namaz okadylar”.
"