Hamza ibn Abdulladan rowaýat edilmegine görä, ol kakasy Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edip, şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň keseli güýjän wagty, Ondan namaz hakynda soraldy. Ol “Ebu Bekre emr ediň, ol adamlara (ymam bolup) namaz okap bersin” diýdi. Aişa: “Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, Kuran okan wagty özüne erk edip bilmän aglar” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene: “Oňa buýuryň, goý, ol namaz okap bersin” diýdi. Aişa ýene-de şol bir sözüni gaýtalady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Oňa buýuryň, goý, ol namaz okap bersin. Siz, hakykatdanam, Ýusup Pygamberiň döwründäki aýallar ýalysyňyz” diýdi.