Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň yzyna eýerip, boýun bolan we Oňa hyzmat edip, hemişe ýoldaş bolan, Enes ibn Mälik El-Ensarynyň (Allah ondan razy bolsun) habar bermegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ölümine sebäp bolan kesel bilen kesellän döwründe, adamlara Ebu Bekr (Allah ondan razy bolsun) (ymam bolup) namaz okap berýärdi. (Bir gezek) duşenbe güni adamlar namaz okamak üçin hatara düzülen wagtlary, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hüjresiniň tutusyny galdyryp, dik duran ýerinden bizi synlamaga başlady. Onuň ýüzi Kuranyň sahypalary ýaly nur saçýardy. Soňra ýylgyryp güldi. Biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi görenimizde, begenjimizden ýaňa tas namazymyzy bozupdyk. Ebu Bekr şol arada Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okamak üçin çykjakdyr öýdüp, hatarda durmak üçin yza süýşüp başlady. Onýança Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize namazymyzy tamamlamagy yşarat edip, tutyny aşak goýberdi. Ine, şol gün hem Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aradan çykan güni boldy”.