"Mu’minleriň enesi Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hassa bolan wagty: “Ebu Bekre buyuryň, adamlara namaz okap bersin” diýdi. Aişa: “Men şonda: “Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, Seniň ornuňda (ymam bolup) dursa, aglamakdan ýaňa adamlara (sesini) eşitdirip bilmez. Omara buýruk ber, goý, ol adamlara namaz okap bersin” diýdim” diýdi. Soňra Aişa: “Men Hafsa haýyş edip: “Sen Oňa: “Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, Seniň ornuňda dursa, aglamakdan ýaňa adamlara sesini eşitdirip bilmez. Omara buýuryň, goý, ol adamlara namaz okap bersin” diýip aýdyp beräý” diýdim.
Hafsa aýdyşym ýaly etdi. Şondan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bize: “Goý, indi, gepleme! Hakykatdanam, siz Ýusup pygamberiň döwründäki aýallar ýalysyňyz! Baryň, Ebu Bekre aýdyň, adamlara namazy şol okap bersin” diýdi.
Şondan soň Hafsa Aişa ýüzlenip: “Hiç haçan senden maňa haýyr gelmändi” diýdi.
"