"Ebu Musa (El-Aş’arydan) (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hassa bolup, keseli agyrlaşan wagty, Ol: “Ebu Bekre emr ediň, adamlara namaz okap bersin ” diýdi. Aişa Oňa: “Ebu Bekr ýüregi ýuka adam, ol Seniň ornuňda dursa, adamlara namaz okap berip bilmez” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Ebu Bekre buýuryň, adamlara namaz okap bersin!” diýdi. Aişa ýene-de şol bir sözüni gaýtalady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Ebu Bekre buýuryň, ol adamlara namaz okap bersin. Hakykatdanam, siz Ýusup pygamberiň döwründäki aýallar ýalysyňyz” diýdi.
Şondan soň Ebu Bekriň ýanyna bir habarçy gelip (oňa Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň buýrugyny habar berdi). Ol, heniz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň diri wagty, adamlara ymam bolup namaz okap berdi”.
"