"Ebu Kylabadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Mälik ibn Huweýris (Allah ondan razy bolsun) biziň şu mesjidimize gelip, adamlara: “Men siziň bilen namaz okamak islemesem-de, size namaz okap berjek. Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okaýşyny görşüm ýaly, namaz okap görkezjek” diýdi.
Men Ebu Kylabadan: “Ol nädip namaz okady?” diýip soranymda, ol: “Edil biziň şu şeýhimiziň okaýşy ýaly” diýip jogap berdi. Soň ol ýene-de şeýle diýdi: “Ol şeýh birinji rekagatda başyny sejdeden galdyrandan soňra ýerinden dik turmazdan öň azrak oturyp (soňra turardy)”.
"