"Enes ibn Sirinden rowaýat edilmegine görä, ol “Men Enes ibn Mäligiň şeýle diýenini eşitdim” diýipdir: “(Bir gezek) Ensarylardan semiz bir adam (Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme): “Ýa Resulallah, men Seniň bilen namaz okamaga gelip bilmeýärin” diýdi. Soňra (bir gün) ol adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üçin nahar bişirip, Ony öýüne çagyrdy. Ol bir boýra ýazyp, onuň gyralaryna suw sepdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şol düşegiň üstüne geçip, iki rekagat namaz okady”.
Al-Jarud (tiresinden) bir adam Enesden: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem guşluk (duha) namazyny okaýardymy?” diýip soranda, Enes: “Şol günden başga gün, Onuň şunuň ýaly wagtda namaz okanyny görmedim” diýip jogap berdi.
"