"Ebu Bekreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (hoşlaşyk haç zyýaratyny edip ýörkä, bir gün) düýäniň üstünde otyrdy. Düýäniň jylawuny bir adam tutup durdy. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Bu gün haýsy gün?” diýip sorady. Biz az wagtlap dymyp durduk. Biz “Ol bu güne öz adyndan başga bir at berjekdir” diýip, özümizçe pikir etdik.
–Bu gün Gurbanlyk güni dälmi näme?!
–Hawa.
–Bu aý haýsy aý?
Biz ýene-de az wagtlap dymyp durduk we “Ol bu aýa başga bir at berjekdir” diýip, öz ýanymyzdan güman etdik.
–Bu aý Zulhijje aýy dälmi näme?
–Hawa.
Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýdi: “Elbetde, siziň ganlaryňyz, mallaryňyz (baýlygyňyz) we namysyňyz şu günüň, şu aýyň we şu şäheriň haram bolşy ýaly (öz araňyzda), biri-biriňize haramdyr. Bu ýerdäki adamlar bu ýerde bolmadyk adamlara (meniň ýaňky aýdan sözlerimi) habar bersinler. Belki-de, (meniň bu sözlerimi) eşiden adam özünden has gowy düşünip biljek başga birine ýetirip biler”."