"Abdulla ibn El-Harisden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:
“(Bir gezek) Abdulla ibn Abbas batgaly bir günde bize (juma namazynyň) hutbasyny okady. Haçan-da, azançy “Haýýa ‘alas-solät” sözüne ýetende, oňa: “As-Solätu fir-rihal” (ýagny, namaz öýlerde okaljakdyr)” diýip aýt” diýdi. Onuň bu aýdany adamlaryň göwnüne ýakman, biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Abdulla ibn Abbas olara: “Görýän welin, siz bu aýdanymy halamadyňyz öýdýän. Ýöne muny, menden has haýyrly bolan bir adam hem şeýle edipdi” diýip, (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi göz öňüne tutdy). Elbetde, bu namaz (juma namazy) hökman okamaly namazlaryň biridir, ýöne men siziň kynçylyk çekmegiňizi islemedim” diýdi.
Ýene-de Ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) şuňa meňzeş bir hadysy rowaýat edilipdir, ýöne onda (Ibn Abbas) bulardan başga-da: “Men sizi günä sokmak islemedim, çünki gelen bolsaňyz, dyzlaryňyza çenli palçyga batardyňyz” diýipdir.
"