"El-Eswed (ibn Zeýdden) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) biz Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) ýanynda wagtymyz, namaza dowamly gelmegiň we onuň möhümdiginiň ähmiýeti barada gürrüň etdik. Ol şonda şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem aradan çykmagyna sebäp bolan keseli bilen kesellän döwründe, bir gezek namazyň wagty girip, azan aýdyldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ebu Bekre aýdyň, adamlara namaz okap bersin ” diýdi. Oňa: “Ebu Bekr örän ýüregi ýuka adam, ol Seniň ornuňda durup, adamlara (ymam bolup) namaz okap berip bilmez” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de şol sözüni gaýtalady. Ýene oňa ýaňky sözleri aýtdylar. Ol ýene-de üçünji gezegem (buýrugyny) gaýtalap, soňra olara şeýle diýdi: “Hakykatdanam, siz Ýusup pygamberiň döwründäki aýallar ýalysyňyz. Ebu Bekre aýdyň, adamlara namazy şol okap bersin!” diýdi. Soňra Ebu Bekr çykyp, namaz okap başlady.
Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem birneme özüni ýeňil duýup, iki adama daýanyp, öýünden çykdy. Hassalygyndan ýaňa haly gaçyp, ýöräp barýarka aýaklaryny zordan ýerden süýreýşi häzirem gözümiň öňünden gidenok. (Ony görüp) Ebu Bekr yza çekilmek isledi, ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýeriňde dur” diýip, oňa yşarat etdi. Soňra Ony Ebu Bekriň gapdalyna getirip oturtdylar”.
(Adamlar) A’maşdan: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namaz okamaga başlanda, Ebu Bekr Onuň namazyna, jemagat hem Ebu Bekriň namazyna uýdularmy?” diýip soradylar. A’maş başyny ýaýkap: “Hawa” diýdi.
Mundan başga-da, bu hadysyň bir bölegini, Ebu Dawud Şu’badan ol hem A’maşdan rowaýat edip getiripdir. Ebu Mua’wiýe A’maşdan eden rowaýatynda: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ebu Bekriň çep tarapynda oturdy. Ebu Bekr bolsa dik durup, namaz okady” diýen sözlerini hem goşup getiripdir.
"
“• Ymam bolup bersin diýdi.
• Bu sözleri aýdan Aişady. Kakasy Ebu Bekriň ýüreginiň ýukalygyny we Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýerinde dursa, özüne erk edip bilmän, aglap, namaz okadyp bilmejegini bilýärdi.
”