"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Allah Tagala ýedi (hili) adamy, Özüniň kölegesinden başga hiç hili kölege bolmajak Kyýamat gününde, olary Öz saýasynyň astyna alar. Olar:
1. Adalatly ymam (hökümdar).
2. Robbuna ybadat edip ýetişen ýigit.
3. Ýüregi mesjidler bilen ysnyşykda bolan adam.
4. Allahyň razylygy üçin biri-birini gowy gören, Onuň razylygy üçin duşuşan we aýrylyşýan iki adam.
5. Asylzada, owadan bir aýal, bile bolmak (ýagny zyna etmek) üçin çagyran wagty, “Men Allahdan gorkýaryn” diýip, saklanyp bilen erkek adam.
6. Sag eliniň berenini sol eliniň hem bilmejek derejesinde, gizlin sadaka beren adam.
7. Allahy ýekelikde ýatlap, göz ýaş döken adam”.
"