Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Bir kişiniň jemagat bilen okan namazy, öýünde ýa-da bazarda okan namazyndan ýigrimi bäş esse artykdyr. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi şudur: Eger-de, ol diňe namaz okamak niýeti bilen gowy edip täret alandan soňra mesjide tarap çykyp gitse, her bir äden ädimi üçin bir dereje beýgeler we bir günäsi geçiler. Ol namazyny okap, namaz okan ýerinde durdugyça, perişdeler oňa: “Allahym! Ony bagyşla. Allahym! Oňa merhemet et” diýip, dowamly doga edip durarlar. Siziň biriňiz namaz okamak üçin näçe wagtlap garaşyp durdugyça, namazyň içinde ýaly hasap ediler”.