641

26-nji bap

641

26-nji bap

641

26-nji bap

Jäbir ibn Abdullanyň (Allah ondan razy bolsun) rowaýat etmegine görä, “Handak” söweşiniň bolan güni Omar ibn Hattab (Allah ondan razy bolsun) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Wallahi, zordan namazymy okap ýetişdim, tas Gün batypdy” diýdi. Şol wagt eýýäm agzy bekli adamlaryň agyzlary açykdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Wallahi, menem okamadym” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Buthan” jülgesine bardy. Men hem Onuň ýanyndadym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem täret aldy. Soňra Gün ýaşandan soň ilki ikindi namazyny, onuň yzyndan bolsa agşam namazyny okady.

حَدَّثَنَا أَبُو نُعَيْمٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا شَيْبَانُ، عَنْ يَحْيَى، قَالَ: سَمِعْتُ أَبَا سَلَمَةَ، يَقُولُ: أَخْبَرَنَا جَابِرُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ: أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ جَاءَهُ عُمَرُ بْنُ الخَطَّابِ يَوْمَ الخَنْدَقِ، فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ وَاللَّهِ: مَا كِدْتُ أَنْ أُصَلِّيَ، حَتَّى كَادَتِ الشَّمْسُ تَغْرُبُ، وَذَلِكَ بَعْدَ مَا أَفْطَرَ الصَّائِمُ، فَقَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «وَاللَّهِ مَا صَلَّيْتُهَا» فَنَزَلَ النَّبِيُّ ﷺ إِلَى بُطْحَانَ وَأَنَا مَعَهُ، فَتَوَضَّأَ ثُمَّ صَلَّى - يَعْنِي العَصْرَ - بَعْدَ مَا غَرَبَتِ الشَّمْسُ، ثُمَّ صَلَّى بَعْدَهَا المَغْرِبَ.