"Abdulla ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir adama hat berip, ony Bahreýniň hökümdaryna gowşurmagy emr etdi. Bahreýniň hökümdary haty Kisra ugratdy. Kisra haty okap, ýyrtym-ýyrtym etdi.
Ibnul-Musýýib şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň oňa (gahary gelip, olaryň özleriniň ) ýyrtym-ýyrtym, (ýagny bölek-bölek) bolmagy üçin bet doga etdi”."