Ebu Katadadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen namaz okap otyrdyk. Ol birden bir topar adamlaryň howsalaly seslerini eşitdi. Namazyny okap bolandan soň: “Size näme boldy?” diýip sorady. Olar:“Namaza ýetişjek bolup, howlukdyk” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Indi beýle etmäň! Namaza geleniňizde, sessizligi we ümsümligi elden bermäň. Namaza ýetişen ýeriňizden başlap, ymam bilen okaň, okap ýetişmedik ýeriňizi bolsa özbaşdak okap tamamlaň” diýdi.