"Şerik ibn Abdulla ibn Ebu Nemirden rowaýat edilmegine görä, ol Enes ibn Mäligiň şeýle diýeni eşidipdir: “(Bir gezek) biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen mesjitde otyrkak, bir adam münüp gelýän (düýesi bilen içeri) girdi. Düýesini mesjidiň içinde çökerip, ony baglady. Soňra ol “Haýsyňyz Muhammed?” diýip sorady.
(Şol wagt) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sahabalaryň arasynda gyşaryp otyrdy. Biz oňa ”Ynha, bu gyşaryp oturan ak ýüzli adam!” diýdik. Ol adam Oňa “Eý, Abdulmuttalybyň ogly!” diýip ýüzlendi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Seni diňleýärin, aýdyber!” diýdi. Ol adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme “Men senden käbir zatlary jikme-jik sorajakdyryn. (Haýyş edýärin), maňa gaharyň gelmesin!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Islän zadyňy sora!” diýdi.
–Seniň Robbuň we Senden öňki ýaşanlaryň Robbunyň haky üçin senden soraýaryn, ähli adamlara seni iberen Allahmy? diýip sorady.
–Eý, Allahym, hawa! diýdi.
–Allahyň haky üçin Senden soraýaryn, bir gije-gündiziň dowamynda bäş wagt namaz okamaklygy saňa Allah buýurdymy?
–Eý, Allahym, hawa!
–Allahyň haky üçin Senden soraýaryn, bize ýylyň şu aýynda roza tutmaklygy saňa Allah buýurdymy?
–Eý, Allahym, hawa!
–Allahyň haky üçin Senden soraýaryn, şu sadakany (zekady) baýlarymyzdan alyp, garyplara bermekligi saňa Allah emr etdimi?
–Eý, Allahym, hawa!
Soňra ol adam: “Seniň getiren zatlaryň hemmesine iman etdim. Men yzymda galan halkym tarapyndan iberilen Benu Sa’d ibn Bekr (taýpasynyň) dogany, Dymam ibn Sa’labadyryn” diýdi."