Abdulla ibn Mugaffal El-Muzaniden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üç gezek gaýtalap: “Her iki azanyň (ýagny, azan bilen kamatyň) arasynda namaz bardyr” diýdi. Soňra yzyndan: “Okasy gelýän adam üçin” diýdi.