Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Eger-de, adamlar azan aýtmakda we birinji hatarda durmakda nähili sogaplaryň bardygyny bilseler-di, olar bulary etmek üçin bije çekmelem bolsalar, hökman çekerdiler. Eger adamlar öýle namazynyň (wagty giren badyna) okamaklygyň sogabyny bilseler-di, onda olar öň barjak bolup, biri-birleri bilen ýaryşardylar. Eger-de, adamlar ýassy we ertir namazyny (mesjitde jemagat bolup okamaklygyň) sogabyny bilseler-di, olar emedekläp hem ýa-da süýrenip hem gitmelem bolsalar giderdiler”.