Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Azan sesini eşiden adam “Allahummä robbä häzihid-da’wati-t-tämmäti, wässolätil-koimäti, äti Muhammädänil-wäsilätä, wäl-fadylata, wäb-‘ashu makomän mahmudanil-läzi wa’adtähu” (Eý, şu bir kemsiz kämil dagwatyň (çagyryşyň) we okaljak namazyň Robby bolan Allahym! Muhammede Wesiläni we fazylaty ber! Ony wada beren ýeriň bolan Makami-Mahmuda gowuşdyr!) diýip, şu (dogany) okasa, ol adam Kyýamat güni Meniň şepagatyma mynasyp bolar”.
“• Wesile – diňe Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme beriljek Jennetiň iň beýik derejesi.
• Makamy – Mahmud – Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme wada berlen iň ýokary (aýratyn) bir dereje.
”