610

6-nji bap

610

6-nji bap

610

6-nji bap

"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bizi bir kowumuň üstüne söweşe alyp giden wagtynda, daň atýança hüjüme geçmegimize rugsat bermezdi. Garaşyp görerdi, eger-de şol ýerden azan sesini eşitse, söweşden ýüz öwürerdi. Eger azan sesini eşitmese, onda olara hüjüm ederdi”. (Enes) şeýle diýdi: “Biz Haýbara tarap ýola düşenimizde, olaryň ýaşaýan ýerlerine gije baryp ýetdik. Daň atan wagty azan sesini eşitmänsoň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem atynyň üstüne mündi. Men hem Ebu Talhanyň atynyň yzyna mündüm. Meniň aýagym Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýagyna degerdi”. (Enes) ýene şeýle diýdi: “Ýehudylar daň bilen özleriniň sebetleri we pilleri bilen öýlerinden çykyp başladylar. Olar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi görüp: “Muhammed! Wallahy Muhammed! We (onuň) goşuny!” diýdiler. (Enes) ýene-de şeýle diýdi: “Haçan-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olary görende: “Allahu Akbär! Allahu Akbär! Haýbar harap boldy! Haçan-da, biz bir kowumyň üstünden düşenimizde, “Duýduryş berlenleriň säherleri nähili erbet bolar” diýdi. "

حَدَّثَنَا قُتَيْبَةُ بْنُ سَعِيدٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا إِسْمَاعِيلُ بْنُ جَعْفَرٍ، عَنْ حُمَيْدٍ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ: أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ كَانَ إِذَا غَزَا بِنَا قَوْمًا، لَمْ يَكُنْ يَغْزُو بِنَا حَتَّى يُصْبِحَ وَيَنْظُرَ، فَإِنْ سَمِعَ أَذَانًا كَفَّ عَنْهُمْ، وَإِنْ لَمْ يَسْمَعْ أَذَانًا أَغَارَ عَلَيْهِمْ، قَالَ: فَخَرَجْنَا إِلَى خَيْبَرَ، فَانْتَهَيْنَا إِلَيْهِمْ لَيْلًا، فَلَمَّا أَصْبَحَ وَلَمْ يَسْمَعْ أَذَانًا رَكِبَ، وَرَكِبْتُ خَلْفَ أَبِي طَلْحَةَ، وَإِنَّ قَدَمِي لَتَمَسُّ قَدَمَ النَّبِيِّ ﷺ، قَالَ: فَخَرَجُوا إِلَيْنَا بِمَكَاتِلِهِمْ وَمَسَاحِيهِمْ، فَلَمَّا رَأَوُا النَّبِيَّ ﷺ، قَالُوا: مُحَمَّدٌ وَاللَّهِ، مُحَمَّدٌ وَالخَمِيسُ، قَالَ: فَلَمَّا رَآهُمْ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ قَالَ: " اللَّهُ أَكْبَرُ، اللَّهُ أَكْبَرُ، خَرِبَتْ خَيْبَرُ، إِنَّا إِذَا نَزَلْنَا بِسَاحَةِ قَوْمٍ ﴿فَسَاءَ صَبَاحُ المُنْذَرِينَ﴾ )الصافات: 177(.

Salgylanma:

“• Olar daýhançylyk bilen meşgu bolansoňlar, ir bilen gurallaryny alyp, öýlerinden çykyp başladylar. • Soffät süresi – 177. ”