"Abdurrahman ibn Abdulla ibn Abdurrahman ibn Ebu Sa’sa’a El-Ensaryny El-Maziniň kakasynyň habar bermegine görä, Ebu Sa’yd Al-Hudry (Allah ondan razy bolsun) oňa şeýle diýipdir: “Görýän welin, sen goýunlary we çölde ýaşamagy gowy görýän bolmaly. Dowarlaryň başyndakaň ýa-da çölde bolan mahalyň namaz üçin azan aýdanyňda, ony gaty sesiň bilen aýt. Çünki azançynyň sesiniň ýetýän ýerine çenli, azan sesini eşiden jyn bolsun, ynsan bolsun, islendik bir zat, Kyýamat güni oňa şaýatlyk ederler” diýdi.
Ebu Sa’yd “Men muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden eşitdim” diýdi.
"