608

4-nji bap

608

4-nji bap

608

4-nji bap

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Namaza çagyrylan wagty, şeýtan azan sesini eşitmejek bolup yzyna öwrülip, (syrtyndan) sesli ýel goýbere-goýbere gaçar. Azan aýdylyp gutarandan soň, ýene gaýdyp geler. Namaza kamat aýdylanda, ýene yzyna öwrülip gaçar. Kamat aýdylandan soň, ýene yzyna gaýdyp geler-de, ynsan bilen onuň nefsiniň (kalbynyň) arasyna girip: “Pylan zady ýatla, şuny-muny ýadyňa sal” diýip, namazdan öň adamyň kellesinde bolmadyk zatlary ýatladyp başlar. Şeýdip, ol adam näçe rekagat namaz okandygyny bilmän galar”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: أَخْبَرَنَا مَالِكٌ، عَنْ أَبِي الزِّنَادِ، عَنِ الأَعْرَجِ، عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ قَالَ: إِذَا نُودِيَ لِلصَّلاَةِ أَدْبَرَ الشَّيْطَانُ، وَلَهُ ضُرَاطٌ، حَتَّى لاَ يَسْمَعَ التَّأْذِينَ، فَإِذَا قَضَى النِّدَاءَ أَقْبَلَ، حَتَّى إِذَا ثُوِّبَ بِالصَّلاَةِ أَدْبَرَ، حَتَّى إِذَا قَضَى التَّثْوِيبَ أَقْبَلَ، حَتَّى يَخْطِرَ بَيْنَ المَرْءِ وَنَفْسِهِ، يَقُولُ: اذْكُرْ كَذَا، اذْكُرْ كَذَا، لِمَا لَمْ يَكُنْ يَذْكُرُ حَتَّى يَظَلَّ الرَّجُلُ لاَ يَدْرِي كَمْ صَلَّى.