Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bilala azanyň sözlerini jübütläp (iki-ikiden) , kamatyň sözlerini bolsa, täkläp (bir-birden) gaýtalamak tabşyryldy. Diňe “Kad kamatis-solätu” sözüni iki gezekden gaýtalamak buýruldy”.
“• Başdaky “Allahu Akbär” dört gezek gaýtalanýar. “Lä ilähä illallah” bir gezek gaýtalanýar.
• Hadysdaki iki-ikiden sözi “jübüt”, bir-birden sözi bolsa “täk” sözi bilen getirilýär.
”