Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Adamlar ilki başda ot ýakmak we jaň kakmak bilen (adamlary namaza çagyraly) diýdiler. Soňra olar ýewreýleri we hristianlary ýatlaryna salyp, (bular olaryň däpleri diýip, ot ýakmakdan we jaň kakmakdan ýüz öwürdiler). “Netijede, Bilala azanyň (sözlerini) iki-ikiden gaýtalap aýtmagy, kamaty bolsa bir-birden aýtmaklyk tabşyryldy”.