"Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Omar ibn Hattab (Allah ondan razy bolsun) “Handak” söweşiniň bolan güni, kuraýyş kapyrlaryna sögüp: “Zordan ikindi namazymy okap ýetişdim, tas Gün ýaşypdy” diýdi.
Soňra biz “Buthan” jülgesine bardyk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gün ýaşandan soň, (ilki ikindi) namazyny, onuň yzyndan bolsa agşam namazyny okady”.
"