Habar berilmegine görä, bir gezek Mu’awiýe (Allah ondan razy bolsun) ikindi namazyndan soňra, okalýan iki rekagat namazy göz öňüne tutup şeýle diýipdir: “Siz şeýle bir namaz okaýarsyňyz, biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen şonça wagtlap bile bolsak hem, Onuň şonuň ýaly namaz okaýanyny hiç görmedik. Tersine, Ol bu namazy okamagy gadagan edipdi”.