Aişadan (Allah ondan razy bolsun) habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gije heniz yslam (dini) doly ýaýramanka, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýassy namazyny gijikdiripdi. Tä Omar gelip: “Ýa Resulallah, aýallaryň we çagalaryň hemmesi eýýäm uklap galdylar” diýýänçä, Ol (öýünden) çykmady. Şondan soň Ol öýünden çykyp, mesjitdäki oturanlara ýüzlenip: “Ýeriň ýüzünde sizden başga şu namaza garaşyp duran hiç kim ýokdur” diýdi.