"Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Musulmanlar bilen deňeşdireniňde ýewreýleriň we hristianlaryň mysaly, (irdenden) agşama çenli (işlemek üçin) bir topar adamlary hakyna tutan adamyň mysaly ýalydyr. Hakyna tutulan işgärler günortana çenli işlänlerinden soňra: “Seniň bize berjek hakyň gerek däl” diýip (haklaryny alman turup giderler). Soňra ol adam başga adamlary hakyna tutar we olara “Şu günüň soňuna çenli doly işläň, (men olara) söz beren iş hakymyň baryny size bereýin” diýer. (Bu adamlar hem işläp başlarlar) ikindi namazynyň wagty gelende (olar hem işden ýüz öwrüp): “Işlän işimiziň haky seniňki bolsun” diýip, (işi taşlap haklaryny alman giderler).
Soňra ol adam ýene-de başga adamlary hakyna tutar. Olar (şol wagtdan başlap) tä Gün ýaşýança, galan günlerini işläp bererler. Bular öňki giden iki topar (işgärleriň hem) almaly haklaryny goşup, dolulygyna alarlar”.