555

16-nji bap

555

16-nji bap

555

16-nji bap

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Size gözegçilik etmek üçin käbir perişdeler gijelerine, käbirleri bolsa gündizlerine gelip, siziň araňyzda bolarlar. Ol (perişdeler) biri-birleri bilen ertir we ikindi namazlarynda duşarlar. Soňra gije siziň araňyzda bolan perişdeler Allahyň huzuryna çykarlar. Allah bendeleriniň ýagdaýyny perişdelerden has gowy bilýänem bolsa, ýene-de olardan: “Bendelerimi nähili halda goýup gaýtdyňyz?” diýip sorar. Olar “Biz olary namaz okap duran hallarynda goýup gaýtdyk, biz olaryň ýanlaryna baranymyzda-da olar namaz okap durdular” diýerler.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، قَالَ: حَدَّثَنَا مَالِكٌ، عَنْ أَبِي الزِّنَادِ، عَنِ الأَعْرَجِ، عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ قَالَ: يَتَعَاقَبُونَ فِيكُمْ مَلاَئِكَةٌ بِاللَّيْلِ وَمَلاَئِكَةٌ بِالنَّهَارِ، وَيَجْتَمِعُونَ فِي صَلاَةِ الفَجْرِ وَصَلاَةِ العَصْرِ، ثُمَّ يَعْرُجُ الَّذِينَ بَاتُوا فِيكُمْ، فَيَسْأَلُهُمْ وَهُوَ أَعْلَمُ بِهِمْ: كَيْفَ تَرَكْتُمْ عِبَادِي؟ فَيَقُولُونَ: تَرَكْنَاهُمْ وَهُمْ يُصَلُّونَ، وَأَتَيْنَاهُمْ وَهُمْ يُصَلُّونَ.