"Az-Zuhriden rowaýat edilmegine görä, Enes ibn Mälik (Allah ondan razy bolsun) maňa şeýle habar berdi diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gün günortandan agan wagty öýünden çykyp, öýle namazyny okady. Soňra münbere çykyp, Kyýamatdan söz açdy we şol günde örän uly wakalaryň bolup geçjekdigini habar berdi. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) bize: “Menden bir zat soramak isleýän bar bolsa sorabersin. Şu duran ýerimde näçe wagtlap dursam, şonça wagtlap hem Menden soran zadyňyzy habar bererin” diýdi. Şondan soň adamlar zar-zar aglaşdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Menden soraň” diýip, birnäçe gezek gaýtalap durdy. Şonda Abdulla ibn Huzafa As-Sahmi ýerinden turup: “(Ýa Resulullah!) Meniň kakam kim?” diýip sorady. “Seniň kakaň Huzafadyr” diýdi. Soňra (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de): “Soraberiň menden” diýip gaýtalap başlady. Soňra Omar iki dyzyna çöküp : “Biz Allahy Robb, Yslamy din, Muhammedi bolsa pygamber hökmünde kabul edip razy bolduk” diýdi.
(Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem az salym) gürlemän dymyp durandan soňra: “Edil ýaňyja şu diwaryň ýüzünde Jennet bilen dowzah görkezildi. Men şonuň ýaly haýyry we şonuň ýaly şeri heniz görmändim” diýdi.
"