"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Sizden biri namaz okap duran wagty, Robbuna mynajat edýändir (ýagny, Robby bilen gizlin söhbetdeşlige girýändir). Şonuň üçin hem asla sag tarapyna tüýkürmesin, ýöne (egerde tüýkürmekçi bolsa) çepine ýa-da aýagynyň aşagyna tüýkürsin”.
Sa’yd Katadadan rowaýat edip şeýle diýipdir: “Öň tarapyna ýa-da öň ýanyna tüýkürmesin. Çepine ýa-da aýaklarynyň aşagyna tüýkürsin”.
Şu’bada şeýle diýdi: “Öňüne we sagyna asla tüýkürmesin (eger tüýkürmekçi bolaýan ýagdaýynda-da), çepine ýa-da aýagynyň aşagyna tüýkürsin”.
Humeýdiň aýtmagyna görä, Enes ibn Mälik Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden rowaýat edip şeýle diýipdir: “Kybla tarap we sag tarapyna asla tüýkürmesin (eger tüýkürmekçi bolaýan ýagdaýynda-da), çepine ýa-da aýagynyň aşagyna tüýkürsin”.
"