Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşidipdir: “Egerde, siziň biriňiziň gapysynyň öňünde bir derýa bolsa, ol adam hem her günde bäş gezek şol derýadan ýuwunýan bolsa, siziň pikiriňizçe, onuň (endamyndaky) kirinden bir zat galarmy?” diýip sorady. Sahabalar “Hiç bir kir galmaz” diýdiler. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Ine, bäş wagt namaz hem edil şonuň ýalydyr. Allah bäş wagt namaz bilen günäleri ýuwup, arassalap durýandyr” diýdi.