"Huzeýfeden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) biz Omaryň (Allah ondan razy bolsun) ýanynda otyrkak, ol bizden “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň pitne hakynda aýdan sözleri kimiň ýadyna düşýär?” diýip sorady. Men şonda “Onuň hemme aýdan zatlary, edil aýdyşy ýaly meniň ýadyma düşýär” diýdim. (Omar) “Sen bu babatda (gaty) batyrgaýlyk görkezýärsiň!” diýdi. Men: “Adamyň maşgalasy, mal-baýlygy, çagalary we goňşulary sebäpli başyna gelen pitnelere namaz okamak, oraza tutmak, sadaka bermek, (emri-magruf we nehi-müňker) adamlary ýagşylyga ündäp, ýamanlykdan gaýtarmak (ýaly sogap işler) arkaly dep bolar” diýdim. (Omar): “Men bu hakda soramadym, men deňziň tolkunlary ýaly tolkun atyp, möwç aljak pitneler hakda soradym” diýdi. Men oňa “Eý, mu’minleriň emiri, ol pitnelerden saňa zyýan gelmez , çünki seniň bilen olaryň arasynda gulply bir gapy bardyr” diýdim. (Omar) menden “(Şol gapy) döwlermi ýa açylarmy?” diýip sorady. Men oňa “Döwler” diýdim. (Omar) “Onda şol (gapy) hiç haçan ýapylmaz” diýdi.
(Biz Huzeýfeden) “Omar (seniň haýsy gapy hakynda gürrüň edýändigiňi) bilýärdimi?” diýip soradyk. (Huzeýfe) “Hawa, bilýärdi, edil bu gijäniň daň atmazdan öň geljegini bilşi ýaly (ol muny gaty gowy) bilýärdi, (çünki) meniň oňa aýdan sözümde hiç bir ýalan-ýaşryk ýokdy” diýdi. Biz Huzeýfeden (şol gapynyň kimdigini?) soramaga çekinip, Mesruga sorap ber diýdik. Huzeýfe “Ol gapy – Omaryň özüdir” diýdi.
"
“• Musulmanlaryň arasynda boljak pitneler hakynda gürrüň gidýär. Pitne sözi aslynda synag diýmekligi aňladýar.
• şolar sebäpli boljak synaglar
• bu seniň döwrüňde bolup bilmez.
• şol gapy Omaryň özi diýdi. Döwler diýdigi – Omar öldürilenden soň pitneler dörär diýdigidr.
”