521

1-nji bap

521

1-nji bap

521

1-nji bap

Ibn Şihabdan habar berilmegine görä, bir gün Omar ibn Abdul-Aziz namazyny (bir sebäp bilen) gijikdirip okan wagty, onuň ýanyna ‘Urwa ibn Az-Zubeýr gelip şeýle diýdi: “Bir gün Al-Mugyra ibn Şu’ba Yrakda wagty namazyny gijräk okady . Ebu Mes’ud El-Ensary onuň ýanyna gelip: “Eý, Mugyra, bu näme etdigiň boldy?! Sen näme bilmeýärdiňmi?! Jebraýyl aleýhissalam Ýere inip, namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okady. Soň (ýene) ol namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem namaz okady. Soň (ýene) ol namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okady. Soň (ýene) ol namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okady. Soň (ýene) ol namaz okady, yzyndan Resulullah sallallahu aleýhi wesellem hem namaz okady. Soňra Jebraýyl “Men şuňa emr edildim” diýdi. Omar ibn Abdul-Aziz, ‘Urwa ýüzlenip: “Sen näme diýýäniňi bir bilýäňmi? Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme namazyň wagtlaryny belli edip, kesgitlän Jebraýyl aleýhissalamy näme?!” diýdi. ‘Urwa oňa “Bize muny Beşir ibn Ebu Mes’ud öz kakasyndan eşidendigini gürrüň bererdi” diýdi.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ مَسْلَمَةَ، قَالَ: قَرَأْتُ عَلَى مَالِكٍ، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ أَنَّ عُمَرَ بْنَ عَبْدِ العَزِيزِ أَخَّرَ الصَّلاَةَ يَوْمًا فَدَخَلَ عَلَيْهِ عُرْوَةُ بْنُ الزُّبَيْرِ، فَأَخْبَرَهُ أَنَّ المُغِيرَةَ بْنَ شُعْبَةَ أَخَّرَ الصَّلاَةَ يَوْمًا وَهُوَ بِالعِرَاقِ، فَدَخَلَ عَلَيْهِ أَبُو مَسْعُودٍ الأَنْصَارِيُّ، فَقَالَ: مَا هَذَا يَا مُغِيرَةُ أَلَيْسَ قَدْ عَلِمْتَ أَنَّ جِبْرِيلَ ﷺ نَزَلَ فَصَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ صَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ صَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ صَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ صَلَّى، فَصَلَّى رَسُولُ اللَّهِ ﷺ، ثُمَّ قَالَ: «بِهَذَا أُمِرْتُ»، فَقَالَ عُمَرُ لِعُرْوَةَ: اعْلَمْ مَا تُحَدِّثُ، أَوَأَنَّ جِبْرِيلَ هُوَ أَقَامَ لِرَسُولِ اللَّهِ ﷺ وَقْتَ الصَّلاَةِ؟ قَالَ عُرْوَةُ: كَذَلِكَ كَانَ بَشِيرُ بْنُ أَبِي مَسْعُودٍ يُحَدِّثُ عَنْ أَبِيهِ.

Salgylanma:

“• Azan aýdylan badyna okaman, biraz gijräk okapdyr. • Ertir namazyny • Öýle namazyny • Ikindi namazyny • Ägşam namazyny • Ýassy namazyny • Allah Tagala Jebraýyl aleýhissalama nähili namaz okamalydygyny we nä wagtlar okamalydygyny emr etdi. ”