Habar berilmegine görä, (bir gün) Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) ýanynda “Namaz (okaýan adamyň öňünden) it, eşek we aýal (geçse), namazyny keser, (ýagny namazy bozar)” diýdiler. Şonda Aişa (Allah ondan razy bolsun) “Siz biz (aýallary) eşeklere we itlere deňeýärsiňizmi?!” diýdi. “Allahdan ant içýärin, men krowadyň üstünde, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde, ýagny özi bilen Kyblasynyň arasynda süýnüp ýatyrkam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň namaz okap durandygyny görüpdim. Haçan-da, bir zerurlyk ýüze çykan wagty, Onuň öňünde oturyp, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme zyýan bermejek bolup, ýuwaşlyk bilen aýaklarynyň ýanyndan çykar giderdim” diýdi.