Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegini görä, ol şeýle diýipdir: “Men Onuň düşeginde keseligine süýnüp ýatyrkam-da, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (maňa tarap seredip), namaz okardy. Haçanda, Ol witr namazyny okajak bolanda, meni hem oýarardy we men hem turup, witr namazyny okardym”.